Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitiň gaýtadan işlenilişi, benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, “mawy ýangyjyň” eksporty barada aýdyldy.
Wise-premýer geçen aýda polipropileni öndürmegiň meýilnamasynyň 109,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 114,3 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 101,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny düýpli artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigini belledi. Önüm berijiligi peselen guýulary abatlamak, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.