Ýanwarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.
Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi.
Mejlisde geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.