Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady diýip, Trend agentligi ýazýar.
Karara laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitinde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň makullan ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmeklik tabşyryldy.
Azerbaýjanyň DIM-i ylalaşygyň güýje girmegi üçin zerur bolan içerki çäreleriň ýerine ýetirilmegi hakynda Aşgabada we Ankara habar bermeli.
Üçtaraplaýyn sammitde söwda, ulag, ynsanperwer ulgamlarda ylalaşyklar gazanyldy we özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga umumy ygrarlylyk tassyklanyldy.