Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň harytlary ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň harytlary ýerlenildi

Sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 38,4 mln dollaryna we 26 mln manada deň bolan 50 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Hususan-da, Owganystandan gelen telekeçiler 5 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar, harydyň bir tonnasynyň bahasy 545 dollar bahalandyryldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,7 mln dollaryndan geçdi.

Şweýsariýadan we BAE-den gelen işewürler söwdalaryň barşynda 80 müň tonna az kükürtli mazut satyn aldylar, onuň her tonnasyna 446,7 dollar hödürlenildi. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 35,7 mln dollar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar, onuň her tonnasy 2,5 müň manat bahalandyryldy. Geleşikleriň umumy bahasy 25 mln manada deň boldy.

Satlyga çykarylýan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda tanşyp bilersiňiz (tmex.gov.tm).

Şeýle hem tmex.gov.tm saýtynda funksionalyň platformasynyň kömegi bilen gönüden-göni öndürijiden teklipler bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem birža söwdalarynyň durmuşa geçirilişi barada bildirişleri ýerleşdirip bolýar.

Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993