Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýer titremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr.

Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda hersi ýedi baldan ýokary bolan iki sany güýçli ýer titreme bolup geçdi. Türkiýedäki ýer titreme netijesinde aradan çykanlaryň sany 12 müňden geçdi, şikes alanlaryň sany 63 müňe golaýlady diýip, penşenbe güni Anadolu agentligi habar berýär.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede tebigy betbagtçylykdan gurban bolanlaryň hormatyna ýedi günlük umumymilli matam çäresini yglan etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993