Türkiýede bolup geçen elhenç ýer titreme şol wagt bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hem başyna ýetdi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna baryp görmeginiň barşynda aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri hem-de Türkmenistanyň müftüsi bilen Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn belledi.
Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlary kömek-maslahatlary we maglumatlary almak üçin telefon belgileri hereket edip başlady.