Türkmenistan Merkezi Aziýa we GDA döwletlerinde iň arzan benzin babatda liderligini saklaýar

Türkmenistan Merkezi Aziýa we GDA döwletlerinde iň arzan benzin babatda liderligini saklaýar

Merkezi Aziýa sebitinde we GDA giňişliginde iň arzan benzin — Türkmenistanda. Bu netije GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan 30-njy ýanwarda düzülen awtomobil ýangyjynyň bahalarynyň dünýä reýtinginde tassyklanylýar.

Bu maglumatlara görä, dünýä ýurtlarynyň sanawynda Türkmenistan bir litr benziniň bahasy 0,42 dollar görkeziji bilen 8-nji ýerde ýerleşýär. Synda A-95 benziniň bahasy hasaba alyndy. Iň arzan benzin Wenesuelada — bir litri — 0,01 dollar. Üçlüge Liwiýa we Eýran hem girdi, degişlilikde, 0,03 we 0,05 dollar.

Iň gymmat benzin Gonkongda — 2,94 dollar. Islandiýada – 2,28 dollar, Norwegiýada – 2,26 dollar. Tutuş dünýä boýunça benziniň ortaça bahasy 1,31 dollar.

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary içerki bazarlaryň awtomobil ýangyjyna bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Öndürilen önümleriň bir bölegi Türkmenistanyň Döwlet-haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna ýerlenilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993