Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimleri teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işiniň hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şunda senagat, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag, tehnologiýalar we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňe çykaryldy.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gepleşikleri dowam etdirmegiň we işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993