Eýran türkmen we russiýa gazyny islendik ugurda, şol sanda Günorta Aziýa ugrunda ibermegi teklip etdi. Bu barada Eýranyň gaz inženerçiligi we ösüş kompaniýasynyň (IGEDC) ýolbaşçysy Reza Nowşadi aýtdy diýip, News Central Asia (nCa) habarlar gullugy habar berdi.
15-17-nji fewralda Aşgabatda geçirilýän EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde nCa bilen söhbetdeşlikde Eýranyň gaz inženerçiligi we ösüş kompaniýasynyň (IGEDC) ýolbaşçysy Reza Nowşadiniň habar bermegine görä, «Biz «Türkmengaz» bilen «Gazproma» resmi taýdan teklip bilen ýüzlendik — Eýran demirgazykda Türkmenistandan we Russiýadan gaz alyp, ony günortada olaryň islegi boýunça islendik döwlete ibermäge taýýar».
Nowşadiniň sözlerine görä, Eýran günde 100 mln kub metre çenli gazy geçirmek üçin kuwwata eýe, bu ýylda 36,5 mlrd kub metr gaza barabar.
IGEDC dolulygyna Eýranyň NIGC Milli gaz kompaniýasyna degişli bolan şahamçasydyr.