Türkmenistandan muzdsuz esasda Özbegistana iberilen suwuklandyrylan gaz eklenji pes maşgalalara paýlanyň başlandy. Bu barada gazeta.uz agentligi «Hududgaztaminot» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlary eýýäm Özbegistana getirildi. Çeşmäniň bellemegine görä, ýangyç Garagalpagystanyň eklenji pes maşgalalaryna paýlanyp berler.
Kompaniýanyň metbugat gullugynda habar bermeklerine görä, Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz iberdi. 1 müň tonnasyny Garagalpagystanyň, ýene-de 1 müň tonnasyny Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň Energetika ministrliginde öň habar berlişi ýaly, suwuklandyrylan gaz mätäçlik çekýän maşgalalara mugt paýlanyp berler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow fewral aýynyň başynda muzdsuz esasda Özbegistana suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda resminama gol çekdi. Bu karar Özbegistan bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Öz gezeginde, özbek tarapy şanly sene mynasybetli Aşgabada 20 sany tiz kömek ulaglaryny berdi.