Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen duşuşygy bolar. 21-nji fewralda agşam Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. 

Döwlet Baştutanynyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny, gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän syýasatyny durmuşa geçirmekde nobatdaky ädime öwrüler.

Türkmenistan we Bahreýn köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy.

Bahrain News agentliginiň habar bermegine görä, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993