20-22-nji fewralda, duşenbeden çarşenbä çenli aralykda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 38,1 mln dollar bolan 10 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Duşenbe güni Türkiýeden we BAE-den gelen işewürler umumylykda 193 müň kg dürli görnüşli nah ýüplügini satyn aldylar. Umumy bahasy 210,7 müň dollar we 4,1 mln manat.
Sişenbe güni BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri her tonnasyna 838,75 dollar berip, 30 müň tonna gidro arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 25,1 mln dollardan geçdi.
Çarşenbe güni Owganystandan gelen işewürler her tonnasyna 809 dollar berip, 10 müň tonnadan gowrak A-95 kysymly awtobenzin satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 8 mln dollardan geçdi. Şeýle hem şol gün Azerbaýjana 132 müň kg reňkli önümler eksport edildi.
Satuwa çykarylýan harytlar barada maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtyndan alyp bilersiňiz (tmex.gov.tm).