Türkmenistanda nebit önümlerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugynyň meseleleri hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigini belledi. Bu pudagyň esasy wezipesi ýurdumyzyň baý tebigy uglewodorod serişdelerini rejeli ulanmakdan hem-de energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.