Türkmenistanyň Prezidenti nebit önümleriniň saklanylyşyna we rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiliginiň netijeliligini artdyrmagy maksat edinýän Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine şu konserniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny bellenen tertipde konserniň göni garamagyna almak hem-de ony «Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy» diýip atlandyrmak tabşyryldy.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
“Türkmennebit” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.