Birža söwdalarynda nebit we dokma önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanmadan peýdalandy

Birža söwdalarynda nebit we dokma önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanmadan peýdalandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna owganystanly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniňwe Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, boýalan tüýjümek önümler, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 4 million 175 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 500 müň manada deň bolan, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993