Aşgabat Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip edýär

Aşgabat Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar basseýninde energetika we ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze sarp ediş bazarlaryna girmek, goşmaça ugurlary döretmek, energetika pudagyna maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmek, şeýle hem halkara bazarlaryna çykarylýan energiýa çeşmelerini degişli syýasy we hukuk kepilliklerini üpjün etmek zerurlygy nygtaldy.

Munuň bilen birlikde, sebit ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmek nukdaýnazaryndan ulag geçelgeleri üçin häzirki zaman infrastrukturany gurmak we uly mümkinçilige eýe bolan ulag we logistika merkezlerini döretmek zerurlygy bellendi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy 28-nji fewralda Astanada geçirildi.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň, hususan-da USAID-iň howandarlygyndaky söwda, işewürlik, ulag, logistika we energetika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin taslamalarynyň sanynyň yzygiderli köpelmegini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň (TIFA) çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993