Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Astanada «C5+1» formatdaky duşuşyga gatnaşmagynyň çäklerinde Gazagystandan we Gyrgyzystandan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär.
Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde söwda, ulag, logistika we energetika ýaly ulagamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar häzirki halkara we sebit ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Raşid Meredow Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde täze tapgyr bolandygy bellenildi.
Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag, logistika we energetika pudaklarynda, şeýle hem medeni we ynsanperwer pudaklargyndaky türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns berildi.
Ministrler bu formatda ýurtlaryň arasynda geljekki sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi goldadylar.