2020-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 5,8% artmagyna garaşylýar

2020-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 5,8% artmagyna garaşylýar

2020-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm 5,8 göterim artar, diýip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň 27,1 göterim, oba hojalygynyň 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň 11 göterim, söwdanyň 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň 22,6 göterim möçbere deň bolmagy meýilleşdirilýär.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterimine deň bolmagyna garaşylýar.

Wise-premýer 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň deslapky taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Resminamalar milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyndan we tabşyryklaryndan hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanyldy.

Şunda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň Prezident maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça esasy hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, ykdysady babatda geljek ýylyň hem şu ýyl ýaly çylşyrymly bolmagyna garaşylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ähli meselelerine ýene-de bir gezek düýpli seretmek zerurdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmegi, beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy, şeýle hem her şäherde we etrapda maýyplara we mätäç raýatlara ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek üçin serişdeleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993