Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Azerbaýjanyň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp hem-de bu möhüm halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolan saparlaryny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Bu gatnaşyklar ýokary depginde ösdürilýär. Söhbetdeşler ulag-logistika we energetika ulgamlaryny gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda geografik taýdan strategik ähmiýetli ýerleşmeginiň bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň syýasat, ykdysadyýet, söwda, ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejedäki ýola goýlan döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda bilelikdäki tagallalary edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.