Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bakuda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bakuda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitiniň plenar mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gysga duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we energetika toplumlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň meselelerini maslahatlaşdylar diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993