Aşgabat we Daşkent ulag, nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär

Aşgabat we Daşkent ulag, nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär

Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Özbek tarapynyň wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, ulag-logistika ulgamy, nebit-gaz, himiýa we elektroenergetika pudaklary, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada bellenildi.

Bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993