Türkmenistanda öndürilýän ECO-93 benzini ilkinji gezek Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynda satuwa çykaryldy. Bu barada Özbegistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, onuň 100 kilogramynyň başlangyç bahasy 600 müň suma ($58,71) deňdir. Dürli çeşmeleriň maglumatyna görä, 100 kg benzin 133 litrden gowrak möçbere deň. “Nara-Komfort Servis” kompaniýasy awtoulag benziniň getirijisi hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanda tebigy gazdan ЕСO-93 awtoulag benzininiň önümçiligi 2019-njy ýylda ýola goýuldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça onuň gurluşyk işlerini «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Awtoulag ýangyjynyň bu görnüşi ulanylanda nebitiň esasynda çykarylan benzin bilen deňeşdirilende kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Gazhimiýa toplumynyň işe girizilenindän bäri geçen ýarym ýylda sintetiki benziniň 63,1 müň tonnasy eksporta iberildi. Eksport möçberleriniň 60% töweregini owgan sarp edijileri satyn aldylar. ECO-93 türkmen benzininiň 7 müň tonna töweregi Ýewropa bazarlaryna iberildi.
Türkmenistan Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebit önümlerini Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine iberýär.