Türkmenistanda köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi

Türkmenistanda köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi

Türkmenistanda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi.

Aşgabatda we ähli welaýatlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Şu ýylda «Ene mähri» hormatly adyna 285 sany ene mynasyp boldy.

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gyz-gelinleriň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.

Şu bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar ýaňlanýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli Gutlagynda belleýşi ýaly, «Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir».

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993