Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 28,4 mln dollar we 32,6 million türkmen manadyna barabar bolan 29 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär. Geleşikleriň umumy bahasynyň agramly bölegi ýangyjyň dürli görnüşlerine harçlandy.
Netijeden, duşenbe güni, 6-njy martda Owganystandan gelen işewür 1,5 müň tonna Jet A-1 awiasion kerosinini satyn aldy, her tonnasynyň bahasy 837,75 dollar. Geleşigiň jemi bahasy 1,2 mln dollar.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri hem şol gün umumy bahasy 395,2 müň dollar bolan PS 500-G0-K portlansementiň 10 müň tonnasyna golaýyny satyn aldylar.
Sişenbe güni, 7-nji martda söwdalaryň barşynda Owganystandan gelen işewür 1,5 müň tonna Jet A-1 awiakerosinini satyn aldy. Bahasy 1,2 mln dollar. Şol gün ýangyjyň bahasy tonnasy üçin 826,75 dollar boldy.
BAE-niň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumylykda 33,5 müň tonna A-92 awtobenzinini satyn aldylar, her tonnasy 765,75 dollar. Geleşikleriň jemi bahasy 25,6 mln dollar.
Içerki bazarlarda ýerli telekeçiler 32,5 müň manatlyk 13 müň tonna ýol nebit bitumyny we 117,4 müň manatlyk 45,67 inedördül metr dürli haly önümlerini saldylar.