Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary wezipeli wekilleri Dubaýda Halkara maýa goýum roud-şouwa gatnaşar

Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary wezipeli wekilleri Dubaýda Halkara maýa goýum roud-şouwa gatnaşar

Häzirki wagtda 26-27-nji aprelde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şoua taýýarlyk işleri dowam edýär. Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak meýillerini eýýäm, Türkmenistanyň, şeýle hem BAE-niň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri tassykladylar.

Netijede, foruma gatnaşyjy ýokary wezipeli wekilleriň arasynda türkmen tarapyndan: Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow; «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmenhimiýa» DK-nyň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, TAPI Pipeline Company Ltd. kompaniýasynyň müdirýetiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow bar.

Öz gezeginde, BAE-niň Hökümetinden: Elektroenergetika we suw üpjünçiligi boýunça Dubaý müdiriýetiniň baş direktory Said Mohammed Al Taýer, Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed ben Said Al Maktum bar.

Dubaýdaky roud-şouwyň strategik hyzmatdaşlarynyň hataryna: ENOC topary (Dragon Oil-yň baş direktory Ali Raşid Al Jarwan wekilçilik eder), ADNOC (kompaniýanyň strategiýa we biznes boýunça wise-prezidenti) girýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993