Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy

Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň senagaty ösdürmek guramasynyň (UNIDO) Aşgabatdaky Ozon wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemaýatkärliginde  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy.

Ýokary okuw mekdebiniň Innowasion okuw-ylmy merkezi «Sowadyjy we howa ulgamlary» okuw maksatnamasyny işläp taýýarlady. Maksatnama kanunçylyk, sowadyjy ulgamlaryň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak we tebigy hladagentleri Türkmenistanyň howa şertlerinde ulanmak boýunça okuwlar girizildi.

Şeýle hem maksatnama laýyklykda, hünärmenler synagdan geçiriler we şahadatnama alarlar.

2022-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýä uniwersitetleriniň Times Higher Education reýtingine goşuldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993