Türkmenistan HHR-den göçme buraw enjamlaryny satyn aldy

Türkmenistan HHR-den göçme buraw enjamlaryny satyn aldy

Türkmenistan ýurdumyzda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam etjek HHR-de öndürilen täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy.

Bu maşynlaryň esasy wezipesi guýulary burawlamakdan ybaratdyr. Ozal bu işleri ýerine ýetirmek üçin bir aýdan gowrak wagt sarp edilýärdi, ýöne indi täze enjamlaryň kömegi bilen şol wagt 20 güne çenli gysgalar.

«Bu biziň abatlaýyş işlerini alyp barjak ilkinji obýektimiz. Enjamy oturtmak üçin asla az wagt sarp edildi. Iki ýarym müň metr uzynlygy bolan guýy birnäçe günden dolulygyna taýýar bolar. BU ýerde biz günde 40 tonna nebit çykarmagy meýilleşdirýäris» — diýip, «Barsagelmez» nebitgaz çykaryş guýusyny düýpli abatlamak bölüminiň hünärmeni Ýazgeldi Ýegenseýidow «Mir 24» teleýaýlymyna interwýusynda aýtdy.

Her bir awtoulag aşakdaky enjamlary öz içine alýar: iki sany elektrik bekedi (CAT hereketlendirijisiň yşyklandyrylyşy), takmynan 10 adam üçin doly enjamlaşdyrylan tirkeg, 492 LH we 492 LH buraw turbalary, «Kärcher» turba ýuwujysy, F-500 palçyk nasosy (CAT hereketlendirijili), uzakdan dolandyryş toplumy we ätiýaçlyk şaýlary we gyssagly kömek gurallary.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993