Türkmenistanyň Prezidenti energetika we ulag ulgamlarynyň möhüm ähmiýetini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti energetika we ulag ulgamlarynyň möhüm ähmiýetini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda milli energetika we ulag ulgamlarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berdi.

Mejlise gatnaşyjylar ulag we energetika ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekligiň wajyplygy nukdaýnazaryndan bu ulgamlary ösdürmek babatda döwlet Baştutanynyň birnäçe wajyp teswirlerini diňlediler.

Prezident ýurtda ulag infrastrukturasynyň döredilmeginiň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny ulanmak arkaly amatly hem-de howpsuz halkara geçelgeler sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berer, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge we ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.

Iri möçberli taslamalaryň hatarynda Prezident Türkmenistan – Owganystan – pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman geçelgesiniň we «Lapis-Lazuli» ulag geçelgeleriniň döredilmegini belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993