OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit çykarylyşy meýletin günde 1,2 mln barrel azaldýarlar

OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit çykarylyşy meýletin günde 1,2 mln barrel azaldýarlar

OPEK+ bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi 1-nji maýdan başlap hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklarynyň çäklerinde öz borçnamalaryna goşmaça nebitiň çykarylyşyny meýletin azaldýar we bu çägi 2023-nji ýyla çenli saklap galar diýip, Interfaks habar berýär.

Aprel aýynyň başynda OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiliginiň çäklendirilmegi barada meýletin ylalaşylandygyny yglan edipdiler, Russiýa bolsa iýul aýyna çenli dowam eden fewraldaky 500 müň b/g önümçilik çäklendirmelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy.

Netijede maý aýyndan başlap umumy çäklendirme 1,657 mln b/g (Russiýany hasaba almazdan — 1,2 mln b/g); Saud Arabystany önümçiligini 500 müň b/g, Gazagystan – 78 müň b/g, Yrak – 211 müň b/g, BAE – 144 müň b/g, Kuweýt – 128 müň b/g, Alžir – 48 müň b/g, Oman – 40 müň b/g we Gabon 8 müň b/g azaldar.

HEA mart aýynda OPEK+ bileleşiginiň 37,94 mln b/g nebit çykarandygyny bahalandyrdy. Şol bir wagtda ylalaşygyň şertlerine görä, olar 40,1 mln b/g çykaryp bilýärdiler. Ýagny agzalar olara rugsat berlen möçberden 2,16 mln b/g az çykardylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993