Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi

Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi

Sinopec hytaý kompaniýasy HHR-iň demirgazyk-günbatarynda Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga başlady diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, Takla-Makan çölüniň eteginde Tarim känindäki guýynyň çuňlugy 9 müň 472 metre barabardyr. Munuň özi Ewerestiň beýikliginden 600 metrden gowrak uludyr diýip, nebithimiýa kompaniýasy habar berýär.

Bilermenleriň pikiriçe, bu burawlaýyş Hytaýyň aşa çuňlukdaky guýulary burawlamakda dünýäde öňdäki orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993