Russiýaly alymlar öňki nebit ýataklarynda bug gazlaryny ýygnamagy teklip etdiler

Russiýaly alymlar öňki nebit ýataklarynda bug gazlaryny ýygnamagy teklip etdiler

Russiýaly alymlar öňki nebit ýataklarynda bug gazlaryny ýygnamagy teklip etdiler. Barlaglary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Mehanika ylmy barlag institutynyň Umumy gidromehanika barlaghanasynyň hünärmenleri geçirdi diýip, nebitgaz maglumatlary agentligi habar berýär.

Alymlar Günbatar Sibir sebitinde kömürturşy gazlary toplamagyň we ýerastyna ýerleşdirmegiň tehnologiýasyny (ССUS – Carbon Capture, Utilization and Storage) ulanmagyň mümkinçiliklerini bahalandyrmaga kömek etdilr. ССUS tehnologiýasy geologiýa plastlaryna ýerlemek ýa-da uzakwagtlyk saklamak maksady bilen millionlarça tonna kärhanalaryň gazşekilli senagat zyňyndylaryny ýüklemegi göz öňünde tutýar. Munuň özi hapalaýjy emissiýalaryň atmosfera düşmegini aradan aýyrýar, netijede howa adam täsiriniň peselmegine ýardam edýär.

Gazy ýerastynda ýerleşdirmeklik suwly plastlarda we tükenen nebit we gaz känlerinde amala aşyrylyp bilner. Şeýlelikde, köp sanly geofiziki maglumatlar toplanan nebitgazly prowinsiýalar ССUS tehnologiýasyny ýerlikli hem-de howpsuz ulanmak üçin has gowy mümkinçilige eýe.

Barlaglaryň netijeleri Gas Science and Engineering ýokary reýtingli žurnalda neşir edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993