Halkara energetika agentliginiň (HEA) analitikleriniň bahalandyrmagyna görä, dünýä nebitiň we gazyň çykarylyşynda zyňyndylaryň iki esse azaldylamgy 600 mlrd dollar möçberde maýa goýumlaryny talap edýär.
HEA-nyň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda nebitgaz kompaniýalarynyň işi kömürturşy gazyna (CO2) barabar bolan 5,1 mlrd tonna zyňyndylaryň zyňylmagyna getirdi. Energetika bilen bagly global zyňyndylar 40 gigatonna barabar. Şeýlelikde, nebitgaz senagaty energetika CO2 zyňyndylarynyň 15%-ine diýen ýaly jogapkär.
HEA-nyň hünärmenleri 2030-njy ýyla çenli zyňyndylaryň çäklendirilmeginiň bäş ugruny hödürleýärler. Şolaryň ileri tutulýany planetada howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak. Şeýle hem fakellerde ugurdaş gazlaryň ýandyrylmagy çäklendirilmeli, Ony alternatiw usullarda ulanmak — sarp edijilere ýetirmek, plast basyşyny saklamak üçin gaýtadan ýüklemek, şeýle hem suwuklandyrylan gaza özgertmek we elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak üçin ulanmak teklip edilýär.
Mundan başga-da, HEA-nyň analitikleri känleri we ugurdaş infrastrukturalary merkezleşdirilen energiýa netijeli toruň we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna elektrikleşdirmegi, nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda pes zyňyndy derejeli wodorodyň ulanylyşyny giňeltmegi, nebitgaz önümçiligini uglewodorodlary toplamak, utilizasiýa etmek we saklamak bilen enjamlaşdyrmagy teklip edýärler.