Lebap welaýatynyň suwuklandyrylan gaz önümçiligi boýunça müdirligi ýokary önümçilik görkezijilerini gazandy. Müdirlik boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda suwuklandyrylan gazyň önümçiligi 61,7 müň tonna barabar boldy, şolardan 56,6 müň tonnadan gowragy eksporta iberildi.
Müdirligiň Naýyp we Bagaja känlerinde hereket edýän toplumlarynda suwuklandyrylan gaz bilen birlikde gaz kondensaty hem öndürilýär. Hasabat döwründe Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna 41,5 müň tonna çig mal iberildi. Şol çig mallardan eksporta iberilýän ýokary hilli nebit önümleri işlenip taýýarlanylýar.
Suwuklandyrylan gazy eksporta ibermek işi demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu önümler daşalanda ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler howpsuzlyk kadalaryny birkemsiz berjaý edýärler.