Penşenbe güni, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidentine Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.
Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Döwlet Baştutany bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen hanym Helga Şmidi tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.
Prezident halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Şunda energiýa serişdelerini halkara bazara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.