Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän uglewodorod ýataklaryny çalt depginlerde özleşdirmek, tebigy serişdeleriň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýän iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bu syýasatyň baş maksady bolup durýar.

Döwlet Baştutany ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, ýurdumyzda kenarýaka känlerini özleşdirmekde maýa goýum mümkinçilikleri 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara göçme forumda maslahatlaşyldy.

Forumda Dragon Oil we Petronas  ýaly belli kompaniýalar Türkmenistanyň deňiz känlerini özleşdirmekde tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Göçme forumyň barşynda oňa gatnaşyjylara Hazaryň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlar hakynda täze geologiki we beýleki maglumatlar habar berildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993