Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar

Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Geçen anna güni geçen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, BSG-niň wekilleri ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerinde, Merkezi bankda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň öňünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna has işjeň goşulyşmak wezipesiniň durýandygyny belledi hem-de bu wezipäni netijeli çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň BSG-niň çäklerindäki işini işjeňleşdirendigini we geçen ýyl “işjeň synçy” derejesini alandygyny aýtdy. Munuň özi bu ugurdaky toplumlaýyn işi dowam etdirmäge, döwletimiziň daşary söwdadaky ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993