Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary amala aşyrýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirdiler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar energiýa, ulag, derman serişdeleri, dokma senagaty, maýa goýum, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berdiler.
Türkmen-wenger ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.