Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy

Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Degişli resminama Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna “Ýol kartasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurdumyzda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalary bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993