«Türkmengaz» DK-nyň ygtyýaryna «KAMAZ» täze tehnikalary gelip gowuşdy

«Türkmengaz» DK-nyň ygtyýaryna «KAMAZ» täze tehnikalary gelip gowuşdy

«KAMAZ» döwrebap ýöriteleşdirilen sementleýji tehnikalarynyň täze tapgyry «Türkmengaz» döwlet konserniniň tamponaž müdirligine gelip gowuşdy. Gelip gowşan awtotehniklar ýokary ykjamlygy bilen tapawutlanýarlar, bu bolsa nebitgaz känlerini özleşdirmekde işleri mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Döwrebap tehniki taýdan üpjünçilik netijesinde müdirligiň işgärleri önümçilik görkezijilerini düýpli artdyrýarlar. Şeýlelikde, şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 19 mln 988 müň manada deň boldy, meýilnama 115,6% ýerine ýetirildi.

Täze gelip gowşan ýörite tehnikalar arkaly tamponaž müdirliginiň işgärleri «Galkynyş», «Kerwen», «Malaý» käniniň meýdançalarynda guýulary sementleýji ergin bilen berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Netijede, sementleýji desgalaryň kömegi bilen «Galkynyş» känindäki № 267, 301, 317 we 256 guýularda plastlarda duz-kislotaly bejeriş işleri üstünlikli geçirildi. Duz kislotasynyň täsiri astynda gazly plastlarda boşluk emele gelýär, netijede guýular öndürijiligini düýpli ýokarlandyrýar.

Täze tehnikalar bilen nobatdaky gezek üpjün edilmegi gazçylaryň işiniň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmaga öz goşandyny goşar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993