TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy

TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy

Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.

Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserni bilen 1,7 mln dollar möçbere 5 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gazyny almak, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen 1,7 mln dollara Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny almak barada ylalaşyk baglaşdylar diýip, ORIENT habar berýär.

Mundan başga-da, anna gününde söwdalaryň barşynda Türkiýeden gelen işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen 390,3 müň dollara 214,5 müň kg nah ýüplügini almak barada ylalaşyk baglaşdylar.

Azerbaýjandan gelen kompaniýa türkmen hususy telekeçisinden 57,6 müň dollarlyk 160 müň km gaty matany satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda anna gününde umumy bahasy 3,7 million dollar bolan 10 söwda geleşigi baglaşyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993