Hytaý maý aýynda tebigy gazyň rekord derejesini import etdi

Hytaý maý aýynda tebigy gazyň rekord derejesini import etdi

2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaý suwuklandyrylan tebigy gazy we turba geçiriji ibermelerini hasaba alanyňda 13,51 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji maý aýy üçin taryhy rekord bolup durýar.

Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň maý aýynyň görkezijisi 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 19% artykdyr. Ol 2021-nji ýylyň maý aýyndaky importdan hem ep-esli ýokary boldy (12,28 mlrd kub metr).

Çäklendirmeler ýatyrylandan soň, 2023-nji ýylda dünýäniň energetika bazarynyň esasy hereketlendirijileriniň biri hem Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösmegi boldy. Daşary  söwda hasabatynyň has jikme-jik bölünişigini milli gümrük gullugy soňky hepdelerde çap eder.

Hytaý turba geçiriji gazyny bäş sany iberijiden alýar: Russiýa, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan we Mýanma diýip, Interfaks ýazýar.

2023-nji ýylyň maý aýynda gazyň importynyň ortaça bahasy bir müň kub metrine 373 dollara çenli azaldy. Bu soňky 22 aýda — 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri iň pes görkezijidir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993