Durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde artdy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Bellenilişi ýaly, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.