Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny artdyrdy

Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny artdyrdy

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda türkmen tebigy gazynyň satyn alnyşyny 298,87 million kub metre çenli artdyrdy diýip, Trend habar berýär.

Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, türkmen gazynyň importy 59,18 million dollara deň boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,8 esse köpdür. Şol gezek Azerbaýjan 12,15 million dollarlyk türkmen gazynyň 151,96 million kub metrini satyn aldy.

Azerbaýjan şu ýylyň başky dört aýynda 202,41 million dollara 1,19 milliard kub metr tebigy gaz satyn aldy. Şol bir wagtda Azerbaýjanyň umumy tebigy gaz importynda Türkmenistanyň paýy 33,25%-e deň boldy.

Geçen ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan 110,8 million dollara 857 million kub metr tebigy gaz import etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993