Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalary ilerletmegi nygtadylar

Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalary ilerletmegi nygtadylar

Iri ulag we energetika taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda geçirilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşykda bellenildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi.

Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnaşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Owgan tarapy Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegi işinde Türkmenistanyň wajyp ornuny belledi. Meseleleri diňe diplomatik gurallar arkaly we halkara hukugyň kadalarynyň çäklerinde çözmäge çagyrýan ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Kärdeşler sebitleýin we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri barada pikir alyşdylar hem-de ählumumy wehimler bilen göreşmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993