Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň geçiriljek sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň geçiriljek sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen geňeşmelerde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşyk wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Ministrler boljak duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaý nazardan, ministrler sebit hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993