Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
Şu ýylyň birinji ýarymynda «Gazprom» Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini 2019-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 1,2 milliard kub metr bolanlygyndan, 1,7 milliard kub metre çenli ýetirdi. Bu barada bir çeşme Gazpromyň ýewro obligasiýalarynyň täze sanynyň 2020-nji ýylyň ilkinji 6 aýyndaky maglumatlara esaslanýan memorandumyna salgylanyp habar berýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Gazprom» 2020-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistandan gaz satyn almagyny bes etdi.
"Gazprom" Gazagystandan satyn alynýan gazy 5,4 milliard kub metrden 4,1 milliard kub metre çenli azaltdy.