«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
13:34 19.08.2023 9286
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol klubunyň futbolçylary Gyrgyzystanyň güýçli klublarynyň biri bolan «Alaýdan» üstün çykdylar.
Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. 13-nji minutda gyrgyzlaryň «Alaý» toparynyň derwezesine ýeňiş goluny Musa Nurnazarow geçirdi.
Ilkinji nobatda belläp geçmeli zatlaryň biri, dolan stadionda janköýerleriň bileleşip, «Merwiň» oýnuna ýardam bermeklidir. Janköýerleriň arasynda diňe bir Mary welaýatynyň ýaşaýjylary däl, eýsem, tutuş ýurdumyzdan gelen janköýerler boldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň toparynyň futbolçylary hemmeleriň ýadynda uzak galjak ajaýyp duşuşyk geçirdiler.
Ajaýyp goly geçiren Musa Nurnazarowyň hem-de derwezäni mynasyp goran «Merwiň» derwezebany Merdan Saparowyň oýnuny aýratyn bellemeli.
22-nji awgustda Hujandda «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda AFK-2023/24 Kubogynyň pleý-off tapgyrynda «Merw» Täjigistanyň çempionatynyň bürünç medalçysy «Hujand» bilen duşuşar.
Üstünlik gazanan ýagdaýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» toparynyň futbolçylary «Rawşan» (Täjigistan), «Altyn asyr» (Türkmenistan) we «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) klublary bilen bilelikde ýaryşyň Merkezi zolagynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş eder.
Merkezi zolakda AFK-2023/24 Kubogynyň toparlaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Indiki tapgyra diňe toparynyň ýeňijileri çykar.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Prezident Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler. Bu barada 20-nji maýda TDH habar berdi.
Ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 10,4% artdy
2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara haryt dolanyşygy 10,4% artdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň аçylyşyna gatnaşdy
17-nji maýda Aşgabadyň günorta böleginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
«Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakynda Ylalaşygy taýýarlamakda öňegidişlik gazanyldy — Türkmenistanyň DIM-i
27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.