Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin resmi çakylyklar Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna iberildi.
TDH agentliginiň habar berşi ýaly, saparyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň barşynda dürli ugurlarda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Premýer-ministr Wiktor Orbanyň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly itergi berendigini nygtady.
Ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň ençemesi boýunça we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Wengriýa gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Munuň özi bolsa umumy bähbitlere doly laýyk gelýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýada birinji gezek geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany boldy. Ýaryşlara şele hem Türkiýäniň, Serbiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Prezidentleri syn etdiler.
Soňra ol ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Serdar Berdimuhamedow Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.