Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy

Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty 10% töweregi artdyryldy diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen gazynyň Hytaýa ibermeleri baha babatda 5,85 mlrd dollara deň bolup, takmynan, 10% töweregi ýokarlandy diýip, bellenilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa gaz iberýän döwletleriň arasynda birinji ornuny saklap galdy. Ikinji ýerde Russiýa, ondan soňra Mýanma ýerleşýär, ösüş 17,6%, 861,81 mln dollar. Ondan soň Gazagystan (5,4% aşaklama, 614,32 mln dollar) we Özbegistan (41,6% aşaklama, 295,3 mln dollar).

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993