«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.

Türkmen wekiliýeti kärhananyň önümçilik prosesi we geljekki meýilleri bilen tanyşdylar. Myhmanlara öndürilýän önümiň hili, barlaghana synaglarynyň geçirilişi, şeýle hem tehnologiki hatarlaryň we sergi zallarynyň ýerleşişi barada jikme-jik maglumat berildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistana «akylly» gaz hasaplaýjylaryny ibermek meselesi maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar bu önümleriň Türkmenistanda önümçiligini guramak, işgär mümkinçiligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin aragatnaşygy ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Özbegistanyň Elektrotehniki senagat kärhanalarynyň assosiasiýasynyň we «HududGazTa'minot» nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993